Türkmenistan Orsýetiň üstünden Ýewropa gaz akdyrmagy göz öňünde tutýar
Aşgabat türkmen gazyny Orsýetiň üstünden Gündogar Ýewropa gaz akdyrmagyň mümkindigini aýtdy. Bu barada Reuters habarlar gullugy ýokary derejeli türkmen resmisiniň sözlerine salgylanyp maglumat berýär. Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, Moskwa geçen ýylyň başynda, Türkmenistandan gaz satyn almagyny bes edipdi. Orsýetiň türkmen energiýasynyň importuny togtatmagy, türkmen gazynyň ýeketäk alyjy hökmünde diňe Hytaýa satylmagyna baglanyp, nagt girdeji ýetmezçiligi sebäpli, Türkmenistanda ykdysady gowuşgynsyzlyk döredipdi. Türkmengaz döwlet konserniniň başlygy Myrat Arçaýew Aşgabatda geçirilen energiýa konferensiýasynda, Orsýetden türkmen gazyna tranzit geçiriji hökmünde peýdalanmagyň mümkindigini aýtdy, ýöne ol häzirki wagtda bu meselede Moskwa bilen nähilidir bir gepleşik geçirilipgeçirilmeýändigi dogrusynda maglumat bermedi. Biziň demirgazyk sary işläp duran gaz geçiriji ulgamlarymyz bar, Türkmenistan şol gaz geçirijileri arkaly Orsýete we GDA ýurtlaryna ozalam tebigy gaz eksport edýärdi diýip, Arçaýew Ukra
|
|