Aşgabatda hususy dükanlary ýapmak mejbur edilýär
Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça oýunlaryň geçjek Olimpiýa şäherjigine ýanaşyk raýonlardaky hususy dükanlaryň 50ä golaýy ýapyldy. Paýtagtyň Parahat1 we Parahat2 etrapçalaryndaky dükanlaryň eýeleriniň aýtmagyna görä, geçen hepdäniň anna güni şäher häkimliginiň, salgyt gullugynyň we söwda ministrliginiň wekilleri aýlanyp, söwdegärlere öz nokatlaryny ýapmaklaryny tabşyrypdyrlar. Olar resmiler gelip, egerde ertir dükanlaryňyz açyk bolsa, özüňizden görüň. Aziada tamamlanýança söwda başlaýmaň diýip, haýbat atyp gitdiler diýip, Parhat2, 1 etrapçasyndaky dükanyň eýesi, 40 ýaşlaryndaky Gurban (ady üýtgedilen red. ) Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmesine aýtdy. Gepiň gerdişine ýatlatsak, Olimpiýa şäherjiginiň golaýyndaky sebitlerdäki dükanlaryň ýapylmagy baradaky tabşyryk mundan sekiz aý töweregi ozal berlipdi. Şol pursat resmiler ýarymýerzeminlerde ýerleşen dükanlaryň çyglyk derejesiniň kesgitlenen kadalara gabat gelmeýändigini öňe sürüpdiler. Mundan soň, dükanlaryň aglabasy ýapylsada, s
|
|