Kärendeçiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmelidigi aýdylýar
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli türkmen resmilerine kärendeçiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Emma pagtaçy kärendeçileriň onlarçasy döwlet harmanyna tabşyran pagtasy üçin, hasyl puluny indi iki hepdä golaý wagt bäri alyp bilmeýändigini aýdýar. Türkmen lideri 30njy oktýabrda geçiren hökümet maslahatynda ýurtda ýetişdirilen pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin zerur çäreleri görmegi belläp, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmäge degişli meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtady. Şol bir wagtyň özünde, Azatlygyň ýerli çeşmeleri bilen söhbetdeş bolan onlarça pagtaçy daýhan resmi mediada kärendeçiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmelidigi tekrarlansada, özleriniň oktýabr aýynyň ortalarynda tabşyran hasylynyň puluny henizem alyp bilmeýändigini aýdýarlar. Daşoguzda pagta ýygymyna gijräk girişilýänem bolsa, pagtany öz wagtynda ýygnap, tabşyrdyk. Ýöne banklardan hakymyzy, g
|
|