Türkmenistan elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrjakdygyny aýdýar
Türkmenistanda ýurduň elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrmak maksady bilen kuwwady 500400 kW MarySaragsMaşat (Eýran) asma elektrik geçirijisini gurmak boýunça guramaçylyk işleri alnyp barylýar, şeýle hem ýokary geçirijili BalkanabatGonbad (Eýran) asma elektrik geçirijisini gurmak meýilleşdirilýär. Resmi maglumata görä, elektrik geçirijileriň gurulmagy Eýranyň energiýa ulgamynyň üsti bilen elektrik energiýasynyň Eýrana we Türkiýä iberilmegini üpjün eder. Mundanam başga, häzirki wagtda elektrik energiýasyny Pakistana ibermek maksady bilen TürkmenistanOwganystanPakistanHindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň ugry boýunça ýokary geçirijili elektrik geçirijisiniň gurulýandygy habar berilýär. Emma göz öňünde tutulýan bu proýetkleriň gurluşyk möhletleri, şeýlede eksport ediljek elektrik energiýasynyň nyrhlary dogrusynda hiç zat aýdylmaýar. Bu aralykda, türkmen mediasynyň ýurduň elektrik kuwwatynyň artýandygy, şeýlede ony daşary ýurtlara eksport etmek ugrunda tagalla edilýändigi baradaky maglumatlaryny
|
|