Syrly Mukam ( Türkmen film 1975)
Alty Garlyýewiň bize hödürlän täsin kinolaryndan biri bolan bu ajap kinoda aýdymsaz sungaty beýgeldilýär. Türkmen halkynyň saza bolan söygüsini, goýýan sarpasyny sözüň doly manysynda görmek bolýar. Ýöne bu kino diňe sungat hakda bolman, eýsem türkmen zenanlarynyň jemgyýetdäki orny barada hem pikir berýär. Ýelizaweta Garaýewa tarapyndan ýerine yetirilen Karkara keşbi, türkmen zenanlarynyň güýjini, mertligini, garadangaýtmazlygyny, maksadaokgunlygyny, çynlakaý çemeleşen wagtynda nämeleri edip biljekdigini görkezýär. Bu kinofilmde türkmen zenanlarynyň durmuşdaky ornuny tapmak üçin eden göreşiniň ilkinji ädimleri görkezilýär diýsek ýalnyşdygymyz bolmasa gerek. Ýöne bu göreş iň arassa we kämil bir usul bilen, yagny sungat arkaly alnyp barylýar. Türkmen kino taryhynyň synasyna öz möhrüni goyan bu kinofilmi türkmenleriň 20nji asryň başlaryndaky ýaşaýşyna, türkmen zenanynyň güýjine we sungatyň beýikligine syn etmek isleýänleriň hemmesine maslahat berýäris.
|
|