Türkmenistanda aktiwistler gorkuzylýar, söz azatlygynyň çygry daraldylýar
Türkmenistanda söz, pikir aýtmak mümkinçiliginiň barha beter gysylmagy dowam edýar, golaýda Aşgabatda iki sany aktiwist zenana haýbat atyldy we azar berildi diýip, adam hukuklaryny goraýan Human Rights Watch, Amnesty International Adam hukuklary boýunça halkara hyzmatdaşlygy we Türkmen inisiatiwasy guramalarynyň 21nji noýabrda Berlinden ýaýradan beýanatynda aýdylýar. Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlary türkmen hökümetini aktiwistleri ýanamagyny derhal bes etmäge hemde olaryň öç alnaryndan gorkyürküsiz pikirini aýdyp bilmegini üpjün etmäge çagrymaly diýip, beýanatda aýdylýar. 14nji noýabrda iki sany nätanyş erkek 68 ýaşyndaky garaşsyz žurnalist Soltan Açylowanyň yzyna düşdi we ony gaýtagaýta masgaralap, haýbat atdy. Şol günüň ertesi haýwan hukuklaryny goraýjy 52 ýaşly aktiwist, rus dilindäki sosial media ulgamy bolan saýtynda tankydy pikirlerini aýdýan Galina Kuçerenka hem tussag etmek haýbaty atyldy. Hökümeti tankytlaýan adamlaryň soňky ýanalma we haýbat atylma faktlary Türk
|
|