Türkmenistan: Bank kartlaryna pul geçirmäge baranlardan güwänama talap edilýär
Türkmenistanyň banklarynda özleriniň plastik bank kartlaryna pul geçirmäge baran türkmenistanlylardan, öz işleýän edarasyndan ýörite güwänama talap edilýär diýip, Hronika Türkmenistan neşiri habar berýär. Neşiriň 6njy noýabrda çap eden maglumatyna görä, gürrüňi edilýän güwänamada banka baran döwlet işgäriniň häzirki wagtda zähmet ýa saglyk dynç alşynda, ýada tölegsiz zähmet dynç alşyndadygy tassyk edilmeli. Eger şol güwänama bolmasa, onda raýatyň plastik bank kartyna pul geçirmegine rugsat berilmeýär diýip, neşir belleýär. Bu maglumaty Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky çeşmeleri hem tassyklap, VISA ýada MasterCard bank kartlaryna pul geçirmek üçin banklara baran raýatlardan, öň haýsy edaradan, näçe aýlyk alýandygy hakynda güwänama talap edilen bolsa, indi şol güni işgäriň zähmet dynç alşyndadygy baradaky güwänamanyň hem soralýandygyny aýdýarlar. Indi sen haýsy edaranyň işgäri bolsaň, şol edaradan plastik karta pul goýmaga gelen günüň zähmet rugsadyndamy ýa saglyk ýagdaýyň sebäpli işe çykyp bileňokm
|
|