Türkiýede ýene bir türkmen zenany ten söwdasynda tutuldy
Türkiýäniň Egeý sebitinde ýerleşýän Manisa şäherinde ten söwdasyna garşy guralan operasiýada, türkmenistanly bir zenan bilen jemi 21 adam göz saklanypdyr. Türkiýäniň köp tiražly Milliýet gazetiniň habaryna görä, gowşan maglumatlardan ugur alyp herekete geçen Türkiýäniň Manisa welaýatynyň polis müdirliginiň ahlak býurosynyň işgärleri ten söwdasyny gurnamakda güman edilýänleri bir aýlap tehniki taýdan yzarlaýar. Ýeterlik delilleri jemlän türk polisi soň şol bir wagtyň özünde 6 ýerde operasiýa geçirýär. Ten söwdasyna garşy guralan operasiýada biri türkmenistanly, 2 sanysy zenan, jemi 21 güman edilýän saklanýar. Aýyplanýanlaryň öýlerinde we ulaglarynda geçirilen barlagda, bikanun rugsatsyz sapança bilen 7 sany ätiýaçlyk gülle ele salynýar. Ýerli çeşmeleriň habar bermegine görä, ten söwdasynda güman edilip tutulan türkmen zenany bilen ýaranlary Manisanyň döwlet hassahanasynda saglyk barlagyndan geçirilenden soň resmi işleriň taýýarlanmagy üçin, polis müdirligine äkidilipdir. Aýyplanýanlaryň polisdäki işleri t
|
|