Dollar arzanlady
Soňky birnäçe günüň dowamynda Türkmenistanyň walýuta gara bazarlarynda dollaryň manada görä hümmetiniň rekord derejä, 910 manada ýetmeginden soň, häzir onuň nyrhy arzanlamaga başlady. Şu gün, ýagny 26njy oktýabrda Aşgabadyň gara bazarlarynda bir dollar 8, 208, 50 manat aralygynda satylýar. Belläp geçsek, dollaryň nyrhy yza gaýtsada, geçen hepdäniň aýagyna çenli onuň 8 manada ýeten gezegi bolmandy. Ýagny, bu umumy arzanlaýyş bolman, ol diňe soňky hepdäniň dowamyndaky yza gaýtma boldy. Mundan öň, dollaryň gara bazardaky nyrhy ençeme aýlap 7 manat töwereklerinde saklanypdy. Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, Türkmenistanda 2009njy ýylda geçirilen pul reformasyndan soň, bäş ýylyň dowamynda dollaryň hökümet kursy bilen gara bazardaky nyrhynyň arasynda hiç hili tapawut bolmandy. Ýagny, dollaryň manada görä gatnaşygy 3, 50 manat derejesinde saklanypdy. Munuň netijesinde 2009njy ýyla çenli ozal giňden ýaýran dollaryň gara bazary diýen söwda özözünden ýatyp galypdy. Ýöne, 2014nji ýylda hökümetiň öz
|