Türkmenistan: Çäklendirmeler sebäpli et söwdasyny edýänleriň işi kynlaşýar
Ýurduň içinde bir welaýatdan başga bir welaýata gatnap, diri mallary satyn alyp, ony et üçin ulanýan işewürleriň öz işlerini togtatmaly bolýandygy aýdylýar. Aşgabadyň ýaşaýjysy, 50 ýaşly Öweziň sözüne görä, ol birnäçe ýyldan bäri Mary, Daşoguz, Balkan welaýatlaryna gidip, diri mallary satyn alyp, olary soýup, Aşgabadyň et dükanlaryna tabşyrýan ekeni. Mallary diri görnüşinde lomaý söwda bilen satyn alýardyk. Olaryň arasynda ete ýaramlysy hem, entek horrak mallar hem bolýardy. Horrak mallary howludaky mal ýatagmyzda saklap, iýmläp biraz bakanmyzdan soňra ete tabşyrýardyk. Soňky bir ýylyň dowamynda üsti mal ýüklenen awtoulaglary şähere goýbermän başladylar. Mary tarapdan gelseň, Gäwersden bärik mal geçirip bolanok. Gäwersde tanyşbilişleriň öýüne düşürip, mallary şol ýerde öldürip, soňra Aşgabada et görnüşinde getirmeli bolýarys. Bu bolsa artykmaç çykdajy talap edýär diýip, Öwez gürrüň berdi. Şeýlede, ol tanyşbilişiň öýünde hem üznüksiz düşläp bolmaýandygyny aýdyp, abat mallary öldüreniň bilen hor mallary
|