Türkmenistan: Pensiýa ýaşyna ýeten býujet işgärlerini işden boşatmak teklip edilýär
Türkmenistanyň bilim, saglygy saklaýyş we medeniýet pudakalaryndaky edarakärhanalara pensiýa ýaşyna ýeten işgärleri işden boşatmak hakynda görkezme berýän teklip hatlary ugradylyp başlandy. Bu hatlar edara ýolbaşçylaryna barýar. Özem şolarda näçe adam işleýän bolsa, olaryň arasynda pensiýa ýaşyna ýetip, hem pensiýa alýan, hemde aýlyk alýanlary işden boşatmak teklip edilýär. Bu hatlar iň ýokary derejede, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň adyndan iberilýär diýip, Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew medeniýet, saglygy saklaýyş we bilim pudaklarynda ýolbaşçy wezipelerinde işleýän türkmen resmileriniň käbirlerine salgylanyp gürrüň berdi. Bugaýewiň tassyklamagyna görä, noýabr aýynyň ilkinji hepdesinden, döwlet edarakärhanalaryna ugradylyp başlanan bu hatlaryň netijesinde, medeniýet, aňbilim we saglygy saklaýyş pudaklarynda işleýän pensiýa ýaşyna ýeten işgärleriň onlarçasyna ýanwar aýynda olaryň işden boşadylmagynyň mümkindigi barada duýduryldy. Agzalýan hatlarda pensiýa ýaşyna ýeten işg
|
|