Aşgabatagyzsuwda emeli partladyjy ýerleşdirildi
Aşgabatagyzsuwda emeli partladyjy ýerleşdirildi Paýtagtyň etegindäki Aşgabatagyzsuw edarasynyň territoriýasynda howpsuzlyk güýçleriniň synag maksady bilen ýerleşdiren emeli partladyjysynyň gözden düşürilendigi sebäpli, ençeme adam wezipesinden boşadyldy diýip, Azatlyk Radiosynyň biribirinden aýry ençeme çeşmesi maglumat berdiler. Geçen hepde, türkmen howpsuzlyk gulluklary Arçabil etrabyndaky agyz suwunyň ýygnalyp şähere paýlanýan Aşgabatagyzsuw edarasynda okuwtürgenleşik maksady bilen emeli partladyjyny ýerleşdirdiler. Munuň ertesi güni howpsuzlyk işgärleri gelip, özleriniň synag üçin ýerleşdiren partladyjysynyň üstüni açýarlar. Bu hadysanyň netijesinde, partladyjynyň gözden düşürilendigi, oňa üns berilmedigi sebäpli, Harbylaşdyrylan howpsuzlyk gullugynyň Arçabil etraby boýunça jogapkäri, şeýlede Aşgabatagyzsuwyň iki işgäri, şol sanda garawuly hem wezipesinden boşadyldy. Azatlyk Radiosyna bu wakanyň jikmejikleri barada degişli edaranyň resmilerinden nähilidir bir maglumat almak başartmady.
|
|