Ýaşulular maslahaty (gaýtadan) Halk maslahaty bolar
Ýaşulular maslahatynyň dowamynda 2008nji ýyldan bäri hereket edip gelýän bu organyň hukuk ýagdaýyny üýtgetmek we gulruşyny özgertmek teklip edildi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu teklibi orta atmagynyň yz ýany bilen, ol ýurduň Mejlisine, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna we Adalat ministrligine degişli resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça teklipleri bermegi tabşyryp, bu işleri etmek üçin wagtyň garaşmaýandygyny hem sözüne goşdy. Prezidentiň bu tabşyrynyň yzy bilen ýurduň Mejlisiniň nobatdaky maslahaty geçirilip, onda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna goşmaça girizmek hakynda we Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda Türkmenistanyň Konstitusion Kanunlarynyň taslamalaryna garaldy. Emma Mejlisiň dowamynda kabul edilen özgertmeler we geljekki Halk maslahatynyň ygtyýarlyklary barada häzirlikçe ilat köpçüligine hiç hili maglumat berilmedi. Ýöne ýatlap geçsek, Berdimuhamedow şu ýylyň fewraly
|
|