Prezident Marynyň häkimini täzeläp, galan pagtany ýygnamagy çaltlandyrmagy talap etdi
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky kadr çalyşmalarynyň çäginde Mary welaýatyna baryp, welaýat häkimini wezipesinden boşatdy. Şol bir wagtdada ol soňky ýyllarda bu welaýatda ähli ugur boýunça gowy netijeleriň gazanylandygyny nygtaýar. TDHnyň maglumatyna görä, Mary welaýatynyň häkimi Bäşim Anngurbanow wezipesinden başga işe geçýändigi üçin boşadyldy, emma Sakarçäge etrabynyň häkimi M. Gulamow işde goýberen kemçilikleri we özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin diýlip, işden aýryldy. Mary welaýatynyň häkimi wezipesine maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary bolup işlän Döwranberdi Annaberdiýew, Sakarçäge etrabynyň häkimiň wezipesine Mary şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinde işlän Toýly Kakajanow bellenildi, emma olaryň haýsy iş sypatlary üçin beýle jogapkär wezipelere bellenilýändigi, ozalky ýolbaşçylardan tapawutlylykda nähili öňegidişlik gazanmaga çalyşjakdygy anyklaşdyrylmady. Bu kadr çalyşmalary Lebap welaýatynda amala aşyrylan kadr çalyşmalarynyň yz ýanyna g
|
|