Surnaý Sesi Bu Duýduryş, Türkmençe Wagyz, Diri Sözler
, Surnaý, SurnaýSesi, TürkmençeWagyz, DiriSözler 7. Olar Isadan: Mugallym Bu zatlar haçan bolar Bularyň boljak mahalynda nähili alamat peýda bolar diýip soradylar. 8. Isa: Ägä boluň, hiç kim sizi aldaýmasyn Köpler Meniň adym bilen gelip: Men Şolduryn we Wagt golaýlady diýerler. Olaryň yzyna düşmäň. 9. Uruşlar hem gozgalaňlar barada habarlar eşideniňizde gorkmaň. Bu zatlar öňürti bolmalydyr, emma entek soňy däldir diýip jogap berdi. 10. Onsoň Isa olara şeýle diýdi: Millet millete, patyşalyk patyşalyga garşy çykar. 11. Aýryaýry ýerlerde güýçli ýertitremeler, açlyk hem gyrgyn keseli, gorkunç wakalar, gökden uly alamatlar bolar. 12. Emma bu hadysalaryň hemmesinden öň, sizi yzarlap, azar bererler. Si
|