Türkmenistan: Býujet işgärlerinden çagalaryny çagalar bagyna öwürmegi talap edýärler
Türkmenistanyň Balkanabat şäheriniň döwlet edarakärhanalarynda işleýän işgärlerden, öz çagalaryny çagalar bagyna bermek talap edilýär. Muny berjaý etmedik býujet işgärlerine işden çykarylmak haýbaty atylýar diýip, Hronika Türkmenistan neşiri habar berýär. Neşiriň öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, 10njy noýabrda çap eden maglumatyna görä, döwlet kärhanalarynyň, şol sanda mekdepleriň, şäher häkimliginiň we energiýa edaralarynyň ýolbaşçylary, işgärleri, hususanda, zenan işgärler bilen ýygnaklar geçirýärler. Çagalaryňyzy çagalar bagyna gatnadyň ýada olar bilen öýüňizde oturyň. Iş orunlaryny eýelemäň diýip, neşiriň öz maglumatynda Balkanabat şäheriniň Kommunal hojalyk edarasynyň başlygynyň 6njy noýabrda eden çykyşyny sitirleýär. Bu maglumaty Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary hem tassyklap, şu ýagdaýyň tas ähli döwlet edaralarynda diýen ýaly gaýtalanýandygyny we bu sebäpli býujet işgärleriniň köpüsiniň alaçsyzdygyny belleýärler. Çagalar bagyna çagalaryňyzyň gatnamaýandygyny bilsem, g
|
|