AI Türkmenistanda ýitirim bolanlaryň maşgalalarynyň gynalýandygyny aýdýar
Halkara Günä geçiş guramasy 30nju noýabrda Togtadylan ömürler: Türkmenistanda ýitirim bolanlaryň maşgalalarynyň gynalmagy diýen at bilen beýanat çap etdi. Elbetde, 15 ýyllap öz kakamyň ykbaly barada hiç zat bilmän ýaşamak meniň üçin örän kyn boldy, bu biz üçin iň aýylganç gynag, ýöne şindem umydymyz bar diýip, beýanatyň başynda mejbury ýitirim edilenleriň biri Rüstem Jumaýewiň ogly Umed Uljabaýewiňaýdan sözleri getirilýär. Türkmenistanyň prezidentiniň janyna kast ediş synanyşygy diýilýäniň bolanyna 15 ýyl doldy, emma şol iş bilen baglylykda aýyplanyp, uzak möhletli türme tussaglgyna höküm edilen adamlaryň maşgala agzalary şindem öz ärleriniň, doganlarynyň, kakalarynyň we ogullarynyň ykbaly, olaryň nirede saklanylýandygy barada habara garaşýarlar diýip, AI ýazýar. Kast ediş synanyşygy diýilýän bilen bagly zorlukly ýitirim edilmäge sezewar bolanlaryň azyndan 80 sanysynyň ykbaly indi 15 ýyl bäri näbelliligine galýar. Türkmen häkimiýetleri olar baradaky maglumatlaryň ählisini gizlinlikde, aýan etmän sakla
|
|