Aşgabat žurnalisti azatlyga çykarmaga, adam gynamagy bes etmäge çagyrylýar
Aşgabat žurnalisti azatlyga çykarmaga, adam gynamagy bes etmäge çagyrylýar Türkmenistanyň diktaturasy Aşgabatda ýekşenbe güni ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça açylan Aziýa oýunlaryna beýemçilik etmek bilen, özüniň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga synanýar, şol bir wagtdada türkmen režimi ýurtda galan az sanly gönümel žurnalisti ýanaýar we ýurtda garaşsyz metbugata hiç hili orun galdyrmady diýip, Serhetsiz reportýorlar guramasynyň sişenbe güni ýaýradan beýanatynda aýdylýar. Şeýlede beýanatda türkmen režimi tarapyndan wagyz edilýän owadan görnüş bilen ony tankyt etmäge het edenleriň başdan geçiren reallyklarynyň arasyndaky tapawudyň örän uludygy bellenilýär. Resmi taýdan türkmen kanunçylygy söz azatlygyny kepillendirýär we senzurany gadagan edýär, emma hakykatda Türkmenistan habar we maglumat babatynda gara boşluk diýip, beýanatda aýdylýar. Mundan öňki beýanatlarda hem aýdylyşy ýaly, türkmen döwleti ýurtdaky metbugat serişdelerine doly kontrollyk edýär we netijede bu ýurt Serhetsiz reportýor
|
|