Aşgabatda suw ölçeýji gurallary oturtmak gyssagly talap edilýär
Türkmenistanda ilata ozal mugt berlen gazyň, suwyň, elektrik togunyň tölegli edilmegi bilen bu hyzmatlar üçin hasaplaýjy enjamlary goýdurmaklyga birnäçe wagt bäri görkezme berlip gelinýärdi. Ilatyň sosial ýagdaýynyň pesligi sebäpli ýaşaýjylaryň köpüsi gaza, suwa hasaplaýjy gurallary goýduryp bilmeýändiklerini aýdýarlar. Häkimiýetler häzir bu meseleleriň çözgüdine çynlakaý girişdiler diýip, özüni Aýlar diýip tanyşdyran aşgabatly ýaşaýjy aýdýar. Onuň sözüne görä, Aşgabatagyzsuw kärhanasynyň hemde öý uprawleniýeleriniň işgärleri tarapyndan şu ýylyň noýabr aýynyň aýagyna çenli suw ölçeýji gurallaryň oturdylmadyk halatynda, ýaşaýjylaryň 400 manat jerime tölemeli boljakdyklary barada haýbatlar atylýar. Haýbatlardan ätiýaç edýän ýaşaýjylaryň köpüsi öýlerinde hasaplaýjy gurallary oturtmagyň aladasyny edip ugradylar. Netijede, öý uprawleniýelerinde uly nobatlar emele geldi. Hasaplaýjy gurallary goýmaga mejbur bolýanlaryň köpelmegi bilen öý uprawleniýeleriniň hem Aşgabatagyzsuwyň ýörite işgärleriniň aladasy a
|
|