Stambulda neşe söwdasynda güman edilýän türkmen zenany tutuldy
Stambulyň neşe söwdasyna garşy göreş gullugynyň işgärleri 6njy noýabrda Fatih etrabyndaky bir myhmanhana garaşylmadyk ýagdaýda operasiýa gurnady. Operasiýada neşe söwdasynda güman edilýän bir türkmenistanly zenan tutuldy. Stambulda gurnalan bu neşä garşy göreş operasiýasy başdanaýaga ähli türk telekanallarynda we beýleki media serişdelerinde gaýtagaýta görkezildi. Türkiýäniň köp tiräžli Milliýet gazetiniň ýazmagyna görä, Stambul polisiniň neşä garşy göreş gullugynyň Köçe jenaýatlaryna garşy göreş bölüminiň işgärlerine Fatih etrabndaky bir otelde we onuň käbir jaýlarynda neşe saklanýandygy barasynda maglumat gowuşýar. Güman edilýänler fiziki we tehniki taýdan yzarlanandan soň, Fatih etrabynyň Saraç Ishak mähellesiniň Köşkli Hammam Çykmazy diýen ýerindäki myhmanhana duýdansyz operasiýa gurnalýar. Operasiýada myhmanhana giren neşä garşy göreş gullugynyň işgärleri ol ýerdäki adamlary ýere ýatyryp, olaryň üstbaşyny barlapdyr. Operasiýada myhmanhananyň ähli otaglaryny ýagşy barlan neşä garşy göreş gullugyn
|
|